Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda tebigy gazyň birža bahalary 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri ilkinji gezek 1 million britan ýylylyk birligi (BTU) üçin 6 dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
Eýýäm birnäçe günden bäri Ştatlary gurşap alan güýçli arktiki siklon (sowuk howa akymy) esasy sebäp boldy. Sowuk howa sebäpli jaýlary ýylatmak üçin gaza bolan isleg barha ýokarlandy.
Enjamlaryň doňmagy sebäpli ABŞ-da gaz önümçiligi 10%-e golaý azaldy.
Suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG/SPG) zawodlaryna iberilýän gaz soňky bir ýylyň iň pes derejesine düşdi.
Duşenbe güni Aziýa biržalaryndaky söwdalarda fewral aýy üçin fýuçers şertnamalary 19% gymmatlap, 6,288 dollara ýetdi. Geçen hepdede bahalar umumylykda 70% galdy, bu bolsa 1990-njy ýyldan bäri iň uly hepdelik ösüş hökmünde hasaba alyndy.
Ýurduň iň uly energiýa torlarynyň operatory, elektrik energiýasyny sarp etmekde garaşylýan täze rekordlar sebäpli, elektrik stansiýalaryna ýangyç ätiýaçlyklaryny öňünden taýýarlamagy maslahat berdi. Şol bir wagtda, güýçli gar we boragan müňlerçe awiareýsiň ýatyrylmagyna sebäp boldy.
Analitikleriň garaýşy
Hünärmenleriň pikirine görä, fewral şertnamalarynyň möwritiniň çarşenbe güni dolýandygy sebäpli bahalar şeýle durnuksyz böküşleri amala aşyrýar. Mart aýy üçin fýuçersler has "asuda" ösüşi görkezip, 11% gymmatlady we 4 dollardan aşakda galdy.
Mundan ozal beýle ýokary bahalar 2022-nji ýylyň ahyrynda, Russiýadan gelýän gaz azalandan soň Ýewropa ýurtlarynyň işjeň görnüşde Amerikan suwuklandyrylan gazyny satyn alýan döwründe hasaba alnypdy.