ABŞ-da boragan sebäpli 10 müňden gowrak uçuş ýatyryldy

  • 25.01.2026 01:50
  • 7.3k+

ABŞ-da güýçli garly boragan sebäpli 10 müňden gowrak howa gatnawy ýatyryldy ýa-da saklandy. Bu barada «Fox News» telekanaly habar berýär. «Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, tupan ýurduň aglaba bölegini öz içine alar.
Oňaýsyz howa şertleri sebäpli Tehasda 18 müňden gowrak hojalyk elektrik energiýasyz galdy. Ştatlaryň 18-sinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Garly boran baradaky duýduryş 190 milliondan gowrak adama degişli. Milli meteorologiýa gullugy güýçli gar ýagmagyna, şeýle hem Tehasyň gündogar böleginden tä Demirgazyk Karolina çenli bolan aralykda buzluklaryň emele gelmegine garaşylýandygyny çaklaýar.
Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça federal agentlik (FEMA) öňünden 250 müň porsiýa azyk önümlerini, 400 müň litr suwy we 30 sany generatory taýýarlady diýip, «ABC News» telekanaly habar berdi. Şeýle hem şäherleriň gözleg-halas ediş toparlarynyň 28-si doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi. Olar ştat gubernatorlarynyň ýüz tutmasy boýunça halas ediş çärelerine çekiler.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....