Meta kompaniýasy WhatsApp-daky hat alşyklary birugsat okamakda aýyplanýar

  • 26.01.2026 13:41
  • 2.1k+

Halkara şikaýatçylar topary Meta Platforms kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdiler. Olar amerikan kompaniýasyny WhatsApp messenjeriniň gizlinligi we howpsuzlygy babatda ulanyjylary aldawa salmakda aýyplaýarlar. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär.
WhatsApp 2014-nji ýyldan bäri Meta kompaniýasyna degişlidir. 2016-njy ýylda messenjerde iki taraplaýyn şifrleme ulgamy ornaşdyryldy. Bu ulgamda hatlary diňe hat ýazyşýan taraplar okap bilýär we kompaniýanyň tassyklaýşy ýaly, hatlar platformanyň özüne-de elýeterli däl. Meta bu mehanizmiň ähli ýerde adaty tertipde işleýändigine güwä geçýär.
San-Fransiskonyň okrug kazyýetine gelen şikaýat arzasynda Meta-nyň we WhatsApp-yň ulanyjylaryň gizlin görnüşli hatlarynyň tas ählisini diýen ýaly saklaýandygy, seljerýändigi we olara girip bilýändigi öňe sürülýär. Arzada bu maglumatlaryň şahsyýeti anyk bolmadyk habarçylaryň üsti bilen mälim bolandygy hem aýdylýar.
Şikaýatçylaryň arasynda Awstraliýanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Meksikanyň we Günorta Afrikanyň raýatlary bar. Olaryň bähbitlerini Quinn Emanuel Urquhart & Sullivan hem-de Keller Postman ýaly hukuk firmalarynyň aklawçylary gorap çykyş edýärler. Ýöne olar häzirlikçe bu iş barada hiç hili düşündiriş bermeýärler.
Meta-nyň wekili Endi Stoun bolsa bu şikaýaty çynlakaý çemeleşmäge degişli diýip hasap etmeýändigini duýduryp, Bloomberg-e beren düşündirişinde: «WhatsApp ulanyjylarynyň hatlarynyň şifrlenmeýändigi baradaky öňe sürülýän islendik çaklama düýbünden ýalandyr we manysyzdyr. WhatsApp eýýäm on ýyl bäri Signal protokoly arkaly şifrlenýär. Bu kazyýet işi — hiç hili esasy bolmadyk çeper toslama» diýip belledi.


20.06.2026 14:57
6.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....