«Gara» ekranyň howpy: Hytaýda Toyota RAV4-iň täze nesli yzyna çagyrylýar

  • 24.01.2026 19:08
  • 5.7k+

Hytaýyň gözegçilik edaralary Toyota RAV4 krossowerleriniň täze neslini yzyna çagyrýarlar. Ulaglaryň yzyna gaýtarylmagyna hereketlendiriji işläp başlandan soň, merkezi multimediýa ulgamyndaky displeýde peýda bolýan näsazlyk sebäp bolupdyr. Bu ýagdaý howpsuzlyk bilen bagly birnäçe funksiýa dürs işlemegine päsgelçilik döredýär diýip, ITHome portaly habar berýär.
Näsazlyk FAW-Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 5-nji dekabry bilen 2026-njy ýylyň 13-nji ýanwary aralygynda öndürilen 15 922 awtoulagda bar bolmagy ähtimal. Mundan ötri, GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry bilen 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwary aralygynda öndürilen 5056 awtoulag yzyna gaýtarylýar. Birinji topardaky modeller bazarda RAV4 ady bilen, ikinjisi bolsa Wildlander ady bilen satylýar.
Hytaý çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, multimediýa ulgamyndaky programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy merkezi ekranyň açylmazlygyna we garalyp durmagyna sebäp bolup biler. Netijede, sürüji käbir klimat-gözegçilik funksiýalaryny, şeýle hem daşky görnüşindäki kamera ulgamyny ulanyp bilmeýär. Bu meseläni çözmek üçin multimediýa ulgamynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmegi zerur.


düýn 21:15
3.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....