Renault täze Filante krossowerini tanyşdyrdy

  • 16.01.2026 08:22
  • 2.5k+

Renault kompaniýasy özüniň täze Filante krossowerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu model Geely kompaniýasynyň CMA platformasynda guruldy.

Awtoulagyň satuwy şu ýylyň mart aýynda Günorta Koreýada başlanar, soňra bolsa model Günorta Amerika we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykar. Kompaniýanyň resmi beýanatynda awtoulagyň Ýewropa bazaryna çykaryljakdygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.
"Filante" ady ýakynda zarýad berilmezden ýokary tizlikde 1 000 km-den gowrak aralygy geçen meşhur elektrik prototipinden gelip çykýar.
Täze krossower markanyň iň uzyn modeline öwrüldi:

  • Uzynlygy: 4 915 mm;
  • Teker binýady (baza): 2 820 mm;
  • Ýerden beýikligi (klirens): 201 mm;
  • Tekerleri: 20 dýuýma çenli.

Awtoulagyň öň bamperinde we radiator gözeneginde okgunly sudur hem-de özboluşly LED yşyklandyryş elementleri ýerleşdirilen.
Filante 250 at güýjüne (565 Nm) eýe bolan gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edildi. Ol 1,5 litrlik turbo hereketlendirijini we üç basgançakly transmissiýadaky iki sany elektrik hereketlendirijisini birleşdirýär. Elektrik hereketlendirijileriniň biri diňe esasy motori işe girizmek we batareýany zarýadlamak üçin hyzmat edýär. Renault-nyň maglumatlaryna görä, şäher şertlerinde sürmegiň 75%-inde içinden ýandyrylýan hereketlendirijini (DVS) ulanmak hem talap edilmez.
Awtoulagyň salonynda üç sany 12,3 dýuýmlyk ekran, panoramaly üçek, üç zolakly howa gözegçiligi (klimat-kontrol) we "Arkamys" ýa-da "Bose" akustika ulgamy bar. Şeýle hem sürüjä kömekçi ulgamlaryň toplumy — adaptiw kruiz-kontrol, 360 graduslyk töwerege gözegçilik kamerasy, sanly yzy görüş aýnasy we awtomatiki duralga goýmak (awtonom özüni parkirleme) ulgamy elýeterlidir.

düýn 14:34
1.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....