Messi we Ronaldu ilkinji gezek EA Sports FC-de «Ýylyň toparyna» goşulmady

  • 14.01.2026 09:35
  • 7.5k+

16-njy ýanwarda EA Sports FC 26 oýnunda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryna bagyşlanan «Ýylyň topary» ady bilen uly oýun wakasy başlar. Ultimate Team režiminde geçen 12 aýyň dowamynda futbolda has tapawutlanan meşhur oýunçylaryň täze kartoçkalary peýda bolar.

Datamaýnerleriň bellemegine görä, şu ýyl «Ýylyň topary» sanawyna ilkinji gezek Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messi girmedi. Ozal futbolçylaryň ikisi-de FIFA 2009-da Ultimate Team režimi peýda bolany bäri ahyrky düzüme yzygiderli goşulýardy.
Şeýle-de, waka wagty işläp düzüjiler birnäçe uly «ewolýusiýalary» çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň kömegi bilen oýunçylar häzirkizaman futbolynyň ykrar edilen ýyldyzlarynyň adaty kartoçkalaryny has güýçlendirip biler.
Messi bilen Ronaldunyň maýda «Möwsümiň toparynda», Saud Arabystanynyň we MLS-iň çempionatlarynyň iň gowy oýunçylarynyň çykmagy bilen bir wagtda peýda bolmagy mümkin. Ýöne olar geçen ýylyň simwolik toparyna goşulmandy. 


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....