Sürüjisiz ulaglar ýygnalýan rul bilen üpjün ediler: Tensor Robocar bu täzelige eýe boljak ilkinji model bolar

  • 13.01.2026 13:46
  • 3.3k+

Geljegiň awtoulaglaryna häzirki modellerdäki ýaly hemişelik ulanylýan tegelek rullar gerek bolmaz. Autoliv we Tensor öndürijileri şeýle hasaplaýarlar. Olar dünýäde ilkinji gezek köpçülikleýin öndüriljek sürüjisiz awtoulaglar üçin niýetlenen ýygnalýan ruly hödürlediler. Autoblog neşiriniň habar bermegine görä, bu täzelik ilkinji gezek 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda önümçilige goýberilmegi meýilleşdirilýän Tensor Robocar modelinde peýda bolar.

Tensor Robocar — bu 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün edilen awtoulagdyr. Ol hem doly awtonom hereket etmek, hem-de el bilen dolandyrylmak üçin niýetlenendir. El bilen dolandyryş režiminde rul adaty görnüşde işleýär, ýöne awtonom (sürüjisiz) režime geçende bolsa, ol doly ýygnalyp aýrylýar.
Işläp düzüjiler sürüjisiz awtoulaglardaky däp bolan rul ulgamlarynyň artykmaçlyk edýändigini we salonyň giňligini çäklendirýändigini belleýärler. Awtomatlaşdyryş derejesi ýokarlanyp, awtoulag özbaşdak hereket edende, adamyň dolandyrmagyna niýetlenen elementler rahatlygyň derejesini peseldýär. Şol sebäpli hem interýer dizaýnyna bolan çemeleşme üýtgeýär.
Rul gönüden-göni Tensor Robocar-yň dolandyryş ulgamyna birikdirilendir. Awtoulagyň belli bir şertlerde ähli sürüş wezipelerini özbaşdak ýerine ýetirýän 4-nji derejeli režimi işjeňleşende, rul doly içeri çekilýär. Bu bolsa salonda goşmaça boş ýer döredýär we onuň ulanylyş mümkinçiliklerini giňeldýär.

"Öň ýygnalýan rullar diňe konsept-karlarda (taslama modellerinde) bardy — indi bolsa biz bu innowasiýany gündelik durmuşda ulanmak üçin seriýaly awtoulaglara girizýäris" diýip, öndürijiler bellediler.

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....