FIDE dünýäniň küşt täji üçin dalaşgärleriň sanawyny hödürledi

  • 07.01.2026 10:58
  • 5.9k+

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) öz resmi saýtynda dalaşgärleriň we zenan dalaşgärleriň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyny hödürledi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýäniň küşt täji üçin bäsleşmäge hukuk gazanar.

Ýaryşlar 29-njy martdan 15-nji aprel aralygynda Kipriň günorta-günbataryndaky Pafos şäheriniň golaýyndaky otelde geçiriler. Her ýaryşda sekiz gatnaşyjy bäsleşer.
Erkekleriň ýaryşyna Fabiano Karuana, Hikaru Nakamura (ikisi-de – ABŞ), Aniş Giri (Niderlandlar), Mattias Blýubaum (Germaniýa), Weý I (Hytaý), Žawohir Sindarow (Özbegistan), Andreý Ýesipenko (Russiýa) we Rameşbabu Pragnanandha (Hindistan) gatnaşar.


Zenanlar ýaryşynda Diwýa Deşmukh, Hampi Koneru we Rameşbabu Waýşali (hemmesi – Hindistan), Çžu Sziner, Tan Çžuni (ikisi-de – Hytaý), Aleksandra Gorýaçkina, Ýekaterina Lagno (ikisi-de Russiýa), şeýle-de Bibisara Asaubaýewa (Gazagystan) oýnar.
Küşt boýunça häzirki dünýä çempiony hindistanly Gukeş Dommaraju, zenanlaryň arasynda dünýä täjiniň eýesi bolsa hytaýly Szýuý Wenszýundyr.


31.03.2026 16:37
2.2k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

29.03.2026 09:56
3.2k+

Türki döwletleriň ilkinji küşt Olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüldi

Aşgabatda küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy, onuň netijeleri boýunça türki döwletleriň arasynda geçiriljek ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň (16 ýaşa çenli küştçüler)......

23.03.2026 09:30
3.8k+

Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand küşt taslamalarynyň maýadary boldy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde Chess Mates kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa Norway Chess ýaryşynda we täze döredilen Total Chess World Championship ýaryşynda paý aldy...

18.03.2026 11:25
2k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...