Täze Toyota Corolla hakyky suratlarda görkezildi: ol Camry-nyň stilinde dizaýna we täze salona eýe boldy

  • 17.12.2025 10:24
  • 10k+

FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy resmi taýdan täze Toyota Corolla-nyň satuwynyň 21-nji dekabrda başlajakdygyny habar berdi. Şol gün modeliň eýeleri üçin Corolla Day çäresi geçiriler.

Täze ulag Camry XV80 we Prius XW60 bilen meňzeş C şekilli faralar bilen täzeden işlenen öň bölege eýe boldy. Kuzowyň göwrümi ulaldy: indi onuň uzynlygy 4710 mm (35 mm artdy), tigir bazasy 2750 mm (50 mm artdy) bolup, bu yzky ýolagçylar üçin has giň ýeri üpjün etmeli.
Salonda-da üýtgeşmeler bolup geçdi. 12,9 dýuýmlyk ekran bilen täze multimedia ulgamy oturdyldy. Ol Huawei HiCar, Apple CarPlay we CarLink interfeýslerini goldaýar. Merkezi konsol hem täzelenip, atmosfera yşyklandyryşy peýda boldy we wentilýasiýa deşikleriniň dizaýny üýtgedildi.


Ähli wersiýalar zolakda saklamak ulgamyny (LDA), sürüjä öňünden duýdurmak ulgamyny (PDA) we gyssagly saklanmak funksiýasyny (EDSS) öz içine alýan Toyota Pilot bukjasy bilen üpjün edildi. Hereketlendiriji hataryna 1,8 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid, şeýle-de 171 at güýjüni berýän 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisi girýär.
FAW Toyota Hytaýda birnäçe höweslendiriji aksiýalary geçirýär. 5-nji dekabrdan 21-nji dekabr aralygynda täze Corolla-nyň synag sürüşine ýazylan müşderiler 100 ýuanlyk ätiýaçlyk şaýlary üçin şahadatnama alýar. 31-nji dekabra çenli diler merkezlerine baran modeliň häzirki nesliniň eýelerine goşmaça bonuslar, şol sanda mugt toplumlaýyn diagnostika hödürlener. 


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....