Afrika milletleriniň kubogynyň tumary hödürlendi. Ol Assad atly ýolbars boldy

  • 09.12.2025 22:14
  • 3.3k+

Afrika milletleriniň kubogynyň guramaçylary Marokkoda geçiriljek geljekki ýaryşyň resmi tumaryny hödürledi. Ol Assad atly ýolbars boldy.

«Tumar Marokkonyň iň belli milli nyşanlarynyň biri we Afrika yklymynda birleşdiriji hem kuwwatly keşp bolan Atlas ýolbarsyndan ylham aldy. Onuň arap dilinden «ýolbars» diýmegi aňladýan ady Marokkoda we Afrikada janköýerler üçin möhüm bolan güýji, buýsanjy we medeni özboluşlylygy alamatlandyrýar» – diýlip, Kubogyň saýtynda aýdylýar.

Tumar stadionlarda, fan-zolaklarda we dürli jemgyýetçilik çärelerinde janköýerler bilen işjeň aragatnaşyk saklar. Şeýle-de, ol global marketing we mahabat kampaniýalaryna gatnaşar, sanly kontenti baýlaşdyrar we CAF brendiniň uzak möhletleýin ösüşine ýardam eder.
Assadyň wizual obrazy – gujurly we dostlukly ýaş ýolbars. Onuň daşky keşbi we reňk palitrasy TotalEnergies CAF AFCON Morocco 2025 ýaryşynyň umumy stili bilen sazlaşykly utgaşyp, ýaryşyň bitewi we dinamiki durkuny üpjün edýär. Assad Afrikanyň myhmansöýerligini, döredijiligini we köpdürlüligini şöhlelendirýär.
Ýaryş 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda geçiriler. 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......