“Inter Maýami” Messi bilen MLS Kubogynyň finalyna çykdy we birnäçe rekord goýdy

  • 30.11.2025 18:52
  • 6.4k+

30-njy noýabrda irden (Aşgabat wagty bilen) “Inter Maýami” MLS Kubogynyň pleý-offunyň ýarym finalynda “Nýu-Ýork Sitini” uly hasap bilen utdy. Fort-Loderdeýldäki oýun 5:1 hasabynda tamamlandy.

Bu oýun şol bir wagtyň özünde MLS-iň Gündogar konferensiýasy 2025-iň finaly boldy.
“Inter Maýami” Tadeo Alýendeniň het-trigi, şeýle-de Telasko Segowiýanyň we Mateo Silwettiniň gollary bilen garşydaşyny uly ýeňlişe sezewar etdi. “Nýu-Ýork Sitide” ýeke-täk goly Jastin Hak geçirdi.
Ýeňiş topary MLS Kubogynyň finalyna çykardy we konferensiýanyň kubogyny getirdi. Messi üçin bu karýerasynda 47-nji we “Inter Maýaminiň” düzüminde üçünji kubok boldy. Ozal ol “Barselona” bilen 35, Argentinanyň milli ýygyndysy bilen alty we “PSŽ” bilen üç kubok gazanypdy.
Oýunda hüjümçi bir assist edip, bu görkeziji boýunça Ferens Puşkaşyň rekordyny täzeledi. Indi onuň karýerasynda 1136 oýunda 405 assist bar. Puşkaşyň hasabynda 404-di.
Hawýer Maskeranonyň topary-da MLS-iň rekordyny goýdy: yzygiderli çempionatda we pleý-offda bir möwsümde 98 gol. Bu görkezijiniň esli bölegini gazanmaga 38 ýaşly Messi kömek etdi, ol yzygiderli çempionatyň iň gowy bombardiri we pleý-off tapgyrynyň ikinji iň köp gol geçiren oýunçysy boldy.
6-njy dekabrda “Inter Maýami” MLS Kubogy 2025-iň finalynda “San-Diego” – “Wankuwer Uaýtkeps” ýarym finalynyň ýeňijisi bilen oýnar (bu şol bir wagtyň özünde Günbatar konferensiýanyň finaly).


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....