Ronaldu Milletler ligasyndaky ýeňiş üçin milli ýygyndydaky ýoldaşlaryna ýörite sagat sowgat etdi

  • 29.11.2025 09:22
  • 10k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kriştianu Ronaldu UEFA-nyň Milletler ligasynda gazanylan ýeňiş mynasybetli tutuş topar üçin ýörite Jacob&Co sagatlaryny sargyt etdi. Bu barada SIC Noticias habar berýär.

Jemi 35 sagat taýýarlandy. Olaryň bahasy aýdylmaýar, ýöne neşir gürrüňiň birnäçe müň ýewro baradadygyny belleýär.
Ronaldu ýoldaşlaryna sowgatlary sentýabrda 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň Ermenistanyň milli ýygyndysyna garşy birinji oýnunda gowşurdy. Sagat tomusda ulag heläkçiliginde aradan çykan Diogu Žotanyň maşgalasyna-da iberildi. Onda oýunçynyň ady we oýun belgisi görkezilen.
Portugaliýanyň milli ýygyndysy 8-nji iýunda Mýunhende geçirilen Milletler ligasynyň finalynda Ispaniýany utdy. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda, penaltide – 5:3 hasabynda tamamlandy. Bu toparyň ýaryşyň taryhynda ikinji kubogy boldy. 


düýn 18:20
2.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......