ABŞ-da dowam edýän şatdaun taryhda iň dowamlysy boldy

  • 06.11.2025 10:40
  • 7.6k+

ABŞ-da hökümet işiniň togtadylmagy ýurduň tutuş taryhynda iň dowamlysy boldy diýip, NBC News habar berýär. Ol 1-nji oktýabrda başlady we eýýäm 35 gün bäri dowam edýär.

Mundan öň federal edaralaryň işiniň rekord dowamlykda togtadylmagy 2019-njy ýylyň başynda Donald Trampyň ilkinji prezidentlik döwründe bolup geçdi. Şol wagt şatdaun 34 gün 21 sagat dowam etdi.
Bu gezek Kongres hökümetiň maliýeleşdirme meselesi boýunça ylalaşyga gelip bilmedi, çünki demokratlar lukmançylyk ätiýaçlandyryşy üçin salgyt ýeňilliklerini uzaltmagy we bu maksatnama üçin serişde bölüp bermegi talap edýär. Respublikanlar bu pikirlere garşy çykýar.
Býujet çökgünligi sebäpli 650 müň töweregi federal işgär tölegsiz rugsatda, ýene 600 müňüsi zähmet haksyz işlemegini dowam etdirýär – düzgün boýunça, şatdaun tamamlanandan soň, olara tölener.
Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, hökümet işiniň togtadylmagy sebäpli ABŞ-nyň ykdysadyýeti her hepde tas iki milliard dollar ýitirýär. 


şu gün 11:35
39

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:47
787

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
2.2k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......