Maýkl Jordanyň awtografy bolan kartoçka rekord 2,7 mln dollara satyldy

  • 26.10.2025 18:18
  • 3.5k+

Meşhur basketbolçy Maýkl Jordanyň suraty we goly bolan kolleksiýa kartoçkasy auksionda 2,7 mln dollara satyldy. Bu ikinji el bazarda satyn alnan kartoçkalaryň arasynda rekord mukdar boldy diýip, Goldin Auction auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär.

ESPN-iň belleýşi ýaly, kartoçkalar 1986-njy ýylda Fleer kompaniýasy tarapyndan çykaryldy. 2024-nji ýylda Jordan ýapyk awtograf-sessiýasynda şeýle kartoçkalaryň dokuzysynda öz goluny goýdy. Tomusda olaryň biri Joopiter auksionynda 2,5 mln dollara satyldy.
Goldin Auctions-yň esaslandyryjysy we baş direktory Ken Goldin şeýle tapyndylaryň kolleksionerler üçin aýratyn gymmatlydygyny belledi.
Maýkl Jordan taryhda iň meşhur basketbolçylaryň biridir. Ol “Çikago Bullzyň” düzüminde alty gezek NBA-nyň çempiony boldy, iki gezek Olimpiýa oýunlaryny utdy we alty gezek NBA-nyň finalynyň “Iň gymmatly oýunçysy” diýlip ykrar edildi. 2009-njy ýylda onuň ady basketbolyň Şöhrat zalyna girizildi. 

düýn 22:47
1.4k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......

düýn 07:18
7.6k+

«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy

Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon......

10.05.2026 18:36
4.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

10.05.2026 12:29
3.7k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......