Toyota tebigatda işjeň dynç alyş üçin Corolla Cross ulagyny görkezdi

  • 25.10.2025 07:16
  • 4k+

Toyota kompaniýasy SEMA amerikan sergisi üçin öz týuning taslamasyny hödürledi. Ulag üçin esas hökmünde Corolla Cross gibrid krossoweri alyndy we ol birnäçe aksessuarlaryň kömegi bilen başdangeçirmeler hem-de tebigatda işjeň dynç alyş üçin niýetlenen awtomobile öwrüldi.

Prototip Corolla Cross Nasu Edition adyny aldy we Toyota-nyň sergide görkezjek, takmynan, ýigrimi ulagynyň ilkinjisi boldy.
Krossoweriň daşky görnüşi täze “gyýakly” öň bamperiniň, şeýle-de giňeldilen tigir arkalarynyň, täze diskleriň we Toyo Open Country A/T III tekerleriniň kömegi bilen üýtgedildi. Ýolsuz ýerden ýöremek üçin ýol klirensini artdyrýan lift-toplumy oturdyldy.
Goşmaça aksessuarlaryň arasynda üçekde bagaž ýeri, sendtraklar, goş saklaýyş ulgamy we bagaž sowadyjysy, şeýle-de dag welosipedi üçin berkitme bar. Toyota interýeriň üstünde-de gaýtadan işlenendigini belledi, ýöne bu barada giňişleýin maglumat ýok.
Konserniň resmi beýanynda Corolla Cross Nasu Edition-yň gezelençler üçin diňe bir ramaly SUV ulaglarynyň däl, eýsem has ýeňil modelleriň hem amatly bolup biljekdigini görkezmelidigi aýdylýar.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....