Kewin Dýurant NBA-nyň taryhynda iň köp hak alýan oýunçy boldy

  • 23.10.2025 12:35
  • 3.7k+

“Hýuston Rokets” basketbol klubunyň oýunçysy Kewin Dýurant 2027/28 möwsüminde oýunçy hukugy bilen 90 mln dollara şertnamany ýene iki ýyl uzaltmaga razy boldy. Bu barada onuň hyzmatdaşy we Boardroom-yň baş direktory Riç Kleýman aýtdy diýip, ESPN habar berýär.

Indi Dýurant häzirki we geljekki tölegleri göz öňünde tutup, karýera gazanjynyň umumy mukdary boýunça NBA-nyň oýunçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär – 598,2 mln dollar. Ol bu görkeziji boýunça “Los-Anjeles Leýkersiň” oýunçysy Lebron Jeýmsden ($583,9 mln) öňe geçdi.
Kleýmanyň aýtmagyna görä, Dýurant şertnamany 120 mln dollara hem uzaldyp bilerdi, ýöne klubuň maliýe çeýeligini saklamagy we iki tarapyň hem uzak möhletli geljekde hyzmatdaşlyk edip bilmegi üçin ylalaşyk etdi. Şu möwsümde ol 54,7 mln dollar gazanýar, onuň şertnamasy bolsa üç ýyllyk bolup, 144,7 mln dollara barabar.
“Rokets” Dýuranty iýulda ýedi toparyň: “Atlantanyň”, “Brukliniň”, “Golden Steýtiň”, “Leýkersiň”, “Minnesotanyň” we “Finiksiň” gatnaşmagynda NBA-nyň taryhynda iň uly şertnamanyň çäklerinde satyn aldy. Bu hem geçen möwsümde Günbatar konferensiýasynda ikinji orny eýelän “Roketsi” NBA-nyň çempiony titulyna hakyky dalaşgär derejesine çykardy.
Dýurant taryhda ýeke-täk dört gezek basketbol boýunça Olimpiýa çempionydyr. Ol iki gezek NBA-nyň finalynyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi we 15 gezek Ähli ýyldyzlaryň oýnuna gatnaşdy. Ozal ol “Oklahomada”, “Bruklinde”, şeýle-de “Golden Steýtde” çykyş etdi. Soňkusy bilen iki gezek çempion boldy.   

düýn 20:28
5.8k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.6k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

düýn 01:00
2.7k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

19.06.2026 19:42
1.3k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....