Forbes 2025-nji ýylyň iň köp aýlykly futbolçylarynyň sanawyny düzdi

  • 22.10.2025 22:20
  • 10k+

Forbes žurnaly 2025-nji ýylyň iň ýokary aýlykly futbolçylarynyň sanawyny neşir etdi. Sanawda Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu birinji orunda durýar. Ikinji orunda duran “Inter Maýami” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ondan takmynan iki esse az gazanýar.

Sanaw düzülende oýunçylaryň aýlyklary, bonuslary bilen birlikde hemaýatkärlik şertnamalary, çärelere gatnaşmak we beýleki täjirçilik şertnamalary ýaly oýundan daşyndaky girdejileri hem hasaba alyndy. Umuman aýdanyňda, sanawdaky futbolçylar geçen ýyl 945 million dollar gazandy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4% azdyr.
Forbes-iň çaklamasyna görä, 2025/2026 möwsüminde Ronaldu “Al-Nasrdan” 230 million dollar alar. Bu mukdar diňe oýun töleglerini däl, eýsem klubyň gatnaşmagynda gol çekilen täjirçilik şertnamalaryndan gelýän bonuslary hem öz içine alýar. Şeýle-de, Portugaliýaly oýunçy hyzmatdaşlyk şertnamalaryndan goşmaça 50 million dollar gazanar.
Dünýäde iň ýokary aýlykly 10 futbolçy Forbes sanawy boýunça:

  1. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, Al-Nasr) — 280 million dollar (meýdançada 230 + meýdançadan daşgary 50)
  2. Lionel Messi (Argentina, Inter Maýami) — 130 million dollar (60 + 70)
  3. Karim Benzema (Fransiýa, Al-Ittihad) — 104 million dollar (100 + 4)
  4. Kilian Mbappe (Fransiýa, Real Madrid) — 95 million dollar (70 + 25)
  5. Erling Holand (Norwegiýa, Mançester Siti) — 80 million dollar (60 + 20)
  6. Winisius Žunior (Braziliýa, Real Madrid) — 60 million dollar (40 + 20)
  7. Mohamed Salah (Müsür, Liwerpul) — 55 million dollar (35 + 20)
  8. Sadio Mane (Senegal, Al-Nasr) — 54 million dollar (50 + 4)
  9. Jude Bellingem (Angliýa, Real Madrid) — 44 million dollar (29 + 15)
  10. Lamin Ýamal (Ispaniýa, Barselona) — 43 million dollar (33 + 10)

Öňki maglumatlara görä, Bloomberg Ronalduwyň baýlygyny 1,4 milliard dollar diýip baha berdi. Ol dünýäde milýarder bolan ilkinji futbolçy boldy.


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....