Altyn rekord ösüşden soň arzanlap başlady

  • 22.10.2025 21:37
  • 11k+

21-nji oktýabrda altynyň bahasy soňky 12 ýylda iň uly pese gaçyşy görkezdi. Häzirki baha 6,3% peselip, bir unsiýa üçin 4082 dollar boldy. Kümüş hem arzanlady: onuň bahasy 8,7%, bir unsiýa üçin 47,9 dollara çenli pese gaçdy diýip, Bloomberg habar berýär.

Dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen altyn üçin fýuçersler 5,3% arzanlap, bir unsiýa üçin 4129 dollar boldy. Bu 4350 dollar derejesinde taryhy rekorda ýetilenden birnäçe gün soň bolup geçdi.
Analitikleriň aýtmagyna görä, bu maýadarlaryň rekord görkezijilerden soň girdeji gazanmak islegi bilen baglanyşykly boldy. Mundan başga-da, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda söwda gepleşiginiň ýola goýlup bilinmegi maýadarlaryň “ygtybarly aktiw” hökmünde altyna bolan gyzyklanmasyny peseldýär.

düýn 11:41
2.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
2.9k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......