«Altyn Asyr» AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn oýunlaryny Butanyň paýtagtynda geçirer

  • 21.10.2025 10:27
  • 5.7k+

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby 2025/26 möwsüminiň AFK Çagyryş ligasynyň toparlaýyn tapgyryndaky oýunlaryny Butanda geçirer. Klubuň «A» toparyndaky ähli duşuşyklary ýurduň paýtagty Thimphu şäherinde geçiriler.

Oýunlaryň tertibi:

  • 25 oktýabr, 14:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Abdyş-Ata» (KG)
  • 28 oktýabr, 17:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Paro» (BT)
  • 31 oktýabr, 14:00 – «Altyn Asyr» (TM) - «Al-Şabab» (OM)

AFK Çagyryş ligasy Aziýanyň üçünji derejeli klublar arasyndaky ýaryşy hasaplanýar. Bu möwsümde ýaryşa 20 topar gatnaşýar we olar Günbatar hem-de Gündogar zolaklara bölünendir. Her klub toparlaýyn tapgyra gatnaşandygy üçin 100 müň ABŞ dollary möçberinde baýrak alar.
Toparlaýyn oýunlar 25-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli dowam eder. Şondan soňra iň gowy 8 topar çärýek finala çykar.
Çärýek final oýunlary – 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarymfinal – aprel aýynda, final duşuşygy bolsa 9-njy maýda  geçiriler.

Ýaryşyň häzirki çempiony «Arkadag» kluby bolup, ol 2024 möwsüminiň finalynda Kambojadaky «Swaireing» klubuny 2:1 hasabynda ýeňipdi. Bu ýeňiş «Arkadag» toparyna AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk berdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......