Messi milli ýygyndy üçin assistleri boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 16.10.2025 09:04
  • 6.3k+

Argentinanyň milli ýygyndysynyň 38 ýaşly hüjümçisi Lionel Messi milli ýygyndy üçin oýunlarda assist boýunça täze dünýä rekordyny goýdy.

15-nji oktýabrda Fort-Loderdeýlde (Florida, ABŞ) Argentinanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk oýnunda Puerto-Rikony 6:0 hasabynda utdy.
Oýunda Aleksis Makallister we Lautaro Martines iki gol geçirdi, ýene bir goly Gonsalo Montiel girizdi. Bir goly bolsa garşydaş toparyň goragçysy Stiwen Eçewarriýa öz derwezesine saldy. Messi gol geçirmedi, ýöne iki gezek – Montiele we Martinese kömek etdi. Bu hem oňa milli ýygyndy üçin assistleriň umumy sanyny 60-a ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Ozal bu görkeziji boýunça ol öňdebaryjylygy amerikaly Lendon Donowan we braziliýaly Neýmar bilen paýlaşýardy. Olaryň hasabynda 58 assist bardy (başga maglumatlar boýunça, Neýmarda 59 assist).
Karýerasynyň dowamynda Messi ähli möhüm kuboklary – 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyny, 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Amerikanyň Kubogyny, 2022-nji ýylda Finalissimany, 2008-nji ýylyň Olimpiadasyny, dört Çempionlar ligasyny we on gezek Ispaniýanyň çempionatyny utdy. Ol “Altyn topuň” sekiz gezek eýesidir.
Şol bir wagtyň özünde, onuň hemişeki garşydaşy Kriştianu Ronaldu hem dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlaryndaky gollary boýunça (41 gol) täze rekord goýdy. Ol DÇ-2026-nyň saýlama ýaryşynda Wengriýa bilen oýunda iki gol geçirdi (2:2). Onuň hasabynda milli ýygyndy üçin jemi 143 gol bar – ol milli toparlaryň taryhynda iň gowy bombardir bolup galýar we Messiden 29 gol öňde barýar. Ýöne DÇ-däki gollarynyň sany boýunça Ronaldu top-20-ä girmeýär – onuň hasabynda sekiz gol bar. Messi 13 gol bilen dördünji orny eýeleýär. 


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 21:03
2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....