Toyota Japan Mobility Show-da görkezmek üçin täze Corolla we Century kross-kupesini taýýarlaýar

  • 14.10.2025 12:51
  • 5.2k+

Toyota kompaniýasy Tokiodaky Japan Mobility Show sergisinde görkezjek geljekki modelleriniň ilkinji suratlaryny hödürledi. Sergi 30-njy oktýabrda açylar.


Çärede görkeziljek täze ulaglaryň arasynda Century premium subbrendi bilen hödürlenen synag kross-kupesi, şeýle-de indiki nesil Toyota Corolla ulagy bar.
Täze ulaglar barada maglumat entek az. Suratdan görnüşi ýaly, Century kross-kupesi pikselli faralary we çarçuwasyz radiator gözenegi bilen düýpgöter täze öň bölege eýe bolar. Onuň gapylary hem özboluşly bolar: olaryň bölekleri öňe we yza süýşüp biler.
Täze Corolla ulagy Toyota-nyň döwrebap elektromobilleriniň stilinde ýerine ýetirildi. Sedan dinamiki görnüşi, ýiti kapoty we dik faralary bilen tapawutlanýar. Çep ganatda zarýad portunyň lýugy görünýär, bu hem modeliň elektrik ýa-da gibrid bolup biljekdigini görkezýär. Häzirlikçe ulagyň yzygiderli çykaryljakdygy ýa-da konsept-kardygy belli däl.


şu gün 21:15
447

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....