Kanadanyň suwlarynda rekord derejede uzynlykda erkek ak akula göründi

  • 12.10.2025 23:56
  • 12k+

Kanadanyň kenarlarynda rekord ululykda erkek ak akula göründi diýip, CTV teleýaýlymy habar berdi. Ocearch gözleg guramasynyň maglumatlaryna görä, bu häzire çenli Atlantikde adam tarapyndan hasaba alnan bu görnüşiň iň uly wekili boldy.

Alymlar akulanyň uzynlygyny 4,5 metr töweregi diýip hasapladylar. Oňa Dalaşgär lakamy berildi. Ilkinji gezek ony ýanwarda Florida amerikan ştatynyň kenarynda gördüler. Hünärmenler ýyrtyjyny tutup, onuň ugruny yzarlamak üçin oňa hemra trekerini dakdy.
Tomusda Dalaşgär Massaçusetsiň kenarlarynda göründi. Şondan soň 73 günüň içinde günde ortaça 19 km tizlik bilen hereket edip, demirgazyga – Keramatly Lawrentiýa aýlagyna tarap 1400 km töweregi ýüzdi.
Ak akulalar demirgazyk Atlantikada seýrek duşýar, çünki olar ýyly suwlary halaýar. Ocearch-yň esaslandyryjysy Kris Fişer akulanyň Kanadanyň suwlaryna, ähtimal, iýmit gözläp ýüzendigini belleýär.
Belläp geçsek, urkaçy ak akulanyň uzynlygy 4,8 metre çenli ýetip bilýär, ýöne erkek akulanyň ululygy 4 metrden geçmeýär. Uly akulalaryň agramy 680-den 1100 kilogram aralygynda üýtgeýär.


28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

21.05.2026 13:01
8.2k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.04.2026 15:16
3.4k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....