Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek 4000 dollara ýetdi

  • 07.10.2025 12:39
  • 4k+

Altynyň bahasy ilkinji gezek bir unsiýa üçin 4000 dollardan geçdi. 7-nji oktýabrda, sişenbe güni söwdada altyn üçin dekabr fýuçersleri Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda (COMEX) 0,6% gymmatlap, bir unsiýa üçin 4000,1 dollara ýetdi.

7-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen 11:00-a çenli baha bir unsiýa üçin 3949,8 dollara düşdi.
Gymmat bahaly metal üçin isleg ABŞ-da 1-nji oktýabrda kongres býujeti ylalaşyp bilmänsoň başlan şatdaun sebäpli ýokarlandy. Netijede, döwlet işgärleriniň köpüsi tölegsiz rugsada iberildi, has möhüm işgärler bolsa zähmet haksyz işlemegini dowam etdirýär. Reuters-iň maglumatlaryna görä, kongresiň palatalarynyň arasyndaky gepleşikler şowsuz boldy, bu hem altynyň bahasynyň ösmegine ýardam etdi.
Ýagdaýa Fransiýadaky we Ýaponiýadaky syýasy çökgünlikler hem täsir edýär. Fransiýanyň premýer-ministri Sebastýen Lekornýu býujet çykdajylaryny ylalaşmak synanyşygy şowsuz bolandan soň işden çekildi. Ol bu wezipede bary-ýogy 27 gün boldy. Ýaponiýada premýer-ministr Sigeru Isiba Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň dargamagynyň öňüni almak üçin wezipeden gitdi. Indi ýurduň premýer-ministri LDP-niň täze başlygy Sanae Takaiti bolup biler. Ol Ýaponiýanyň taryhynda bu wezipede ilkinji aýal bolar.
Bloomberg bahalaryň ösüşine ösüp barýan ýurtlarda merkezi banklar tarapyndan altynyň işjeň satyn alynmagynyň, şeýle-de altyn birža gaznalaryna maýa goýumlaryň ýokarlanmagynyň hem goldaw berendigini belleýär. 

düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......