“Maklaren” “Formula-1-de” möhletinden ir Konstruktorlaryň kubogyny gazanyp, “Red Bulluň” rekordyny gaýtalady

  • 06.10.2025 17:28
  • 2.1k+

Singapuryň Gran-prisiniň jemi boýunça “Maklaren” topary möhletinden ir “Formula-1-iň” Konstruktorlaryň kubogy baýragyny aldy. Bu britan toparynyň konstruktorlar sanawynda yzygider ikinji we taryhda onunjy ýeňşidir diýip, ESPN belleýär.

Ýaryş şäher ýolunda geçirildi. Birinji bolup pellehana “Mersedesden” Jorj Rassell, ikinji – “Red Bulldan” Maks Werstappen, üçünji – “Maklarenden” Lando Norris geldi.
Tituly üpjün etmek üçin “Maklarene” sürüjileriniň biriniň – Norrisiň ýa-da Oskar Piastriniň münbere çykmagy gerekdi. Norrisiň üçünji orny eýelemegi netijesinde topar iň ýakyn bäsdeşi “Mersedes” üçin yzyndan ýetmezek boldy.
Geçen ýyl “Maklaren” 1998-nji ýyldan bäri ilkinji Konstruktorlaryň kubogy baýragyny diňe möwsümiň soňky ýaryşynda alyp bildi. Ol Norrisiň ýeňiş gazanmagy netijesinde “Ferrariden” 14 utuk öňe geçdi.
Indi çempionatyň gutarmagyna alty tapgyr galdy. Şeýlelikde, “Maklaren” möwsümiň tamamlanmagyna alty ýaryş galanda tituly üpjün etmek bilen, “Red Bulluň” 2023-nji ýyldaky rekordyny gaýtalady. 


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
19k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....