Merab Dwalişwili amerikaly Kori Sendhageni ýeňip, çempionlyk guşagyny gorady: UFC 320-niň netijeleri

  • 05.10.2025 12:56
  • 13k+

5-nji oktýabrda Las-Wegasdaky (ABŞ) T-Mobile Arenasynda UFC 320 ýaryşy geçirildi.

Ikinji derejeli esasy söweşde ýeňil agramdkay çempion — Gruziýadan Merab Dwalişwili ABŞ-nyň wekili, bu agram derejesinde sanawda dördünji orny eýeleýän Kori Sendhagen bilen duşuşdy.
Söweş bäş raund dowam edip, eminleriň biragyzdan karary bilen (49–45, 49–45, 45–46) Dwalişwiliniň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, gruziýaly pälwan çempionlyk guşagyny üstünlikli gorap bildi.
Bu ýeňiş Dwalişwiliniň yzly-yzyna 14-nji ýeňşi boldy. Onuň karýerasynda häzirki wagtda 20 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Sendhageniň hasabynda bolsa 18 ýeňiş we 6 ýeňliş bar.
Ýaryşyň esasy söweşinde braziliýaly Aleks Pereýra russiýaly Magomed Ankalaýewi ilkinji raundda nokaut bilen ýeňip, UFC-niň çempionlyk guşagyny yzyna aldy.
UFC 320-niň beýleki söweşleriniň netijeleri:
Esasy kard:

  • Irži Prohazka — Halil Rauntrini 3-nji raundda nokaut bilen ýeňdi
  • Ýussef Zalal — Joş Emmeti 1-nji raundda sabmişn bilen ýeňdi (armbar)
  • Jozef Paýfer — Abusupýan Magomedowy 2-nji raundda demikdiriji usul arkaly sabmişn bilen ýeňdi

Deslapky kard:

  • Ateba Abega — Treston Wainsi 1-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi
  • Edmen Şahbazýan — Andre Munizi 1-nji raundda nokaut bilen ýeňdi
  • Farid Başarat — Kris Gutýerresi eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi
  • Daniel Santos — Ýu San Ju 2-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi
  • Ýana Santos — Meýsi Çiassony eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi
  • Ýakub Wiklaş — Patrik Miksi eminleriň bölünen karary bilen ýeňdi
  • Punaahele Soriano — Nikolaý Weretennikowy eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi
  • Ramis Braimaý — Ostin Wanderfordy 2-nji raundda bogujy usul arkaly sabmişn bilen ýeňdi
  • Weronika Hardi — Brogan Wokeri eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi

18.06.2026 22:41
7.9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......