2025-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda internet nyrhlarynyň reýtingi düzüldi

  • 04.10.2025 16:14
  • 7.7k+

Häzirki wagtda internet durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, ýöne onuň bahasy dürli ýurtlarda ep-esli tapawutlanýar.

“We Are Social” guramasynyň maglumatlaryna esaslanýan infografika, 2025-nji ýylda 60-dan gowrak ýurtda bir sekuntda megabit üçin giň zolakly internetiň bahasynyň näderejede tapawutlanýandygyny görkezýär.

Internet iň gymmat bolan ýurt — Birleşen Arap Emirlikleri, bu ýerde ortaça bir megabit üçin bahasy 4,31 dollar. Bu bolsa ikinji orunda gelen Gana bilen deňeşdirilende iki esse köpräk (Ganada 2,58 dollar). Emirliklerde şeýle ýokary nyrhlar bazardaky bäsdeşligiň azlygy, infrastruktura aýratynlyklary we kadalaşdyryjy düzgünler bilen düşündirilýär.
Gymmat internetli ýurtlaryň hatarynda Şweýsariýa, Keniýa we Marokko hem bar — bu ýurtlarda megabit üçin bahasy 1 dollardan geçýär.
Munuň tersine, gündogar Ýewropa ýurtlarynda internet diýseň arzan:
Rumyniýada — 0,01 dollar, Russiýada — 0,02, Polşada — 0,03 dollar.
Şeýle hem, Aziýanyň käbir ýurtlarynda hem internet örän elýeterli — Wýetnam, Hytaý we Günorta Koreýada bir megabit üçin bahasy diňe 0,05 dollar bolup biler.
ABŞ we beýleki ösen ýurtlar, mysal üçin, Fransiýa, Ýaponiýa we Germaniýa, dünýä boýunça ortaça görkezijiden (ýagny 1 megabit üçin 0,42 dollar) pes nyrhlarda internet hödürleýärler.

düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......