“Akylly” Galaxy Ring ýüzüginiň batareýasy eýesiniň barmagynda wagty çişdi

  • 02.10.2025 18:03
  • 7.6k+

Samsung Galaxy Ring-i ulanyjylaryň biriniň ýüzük barmagynda wagty litiý-ion batareýasy çişdi, şol sebäpli ýüzük onuň barmagyny pugta gysdy we ahyrynda ony aýyrmak üçin lukmanyň kömegi gerek boldy. Waka uçara münmezden öň bolup geçdi, şol sebäpli ýolagçy uçuşyny-da sypdyrdy.

Bu ýagdaý dakylýan gurluşlarda akkumulýatorlaryň ygtybarlylygy barada ýene sorag döretdi.
9to5Google neşiriniň habar bermegine görä, Deniel atly ulanyjy gezelenç wagty Galaxy Ring-iň birden çişip başlandygyny gürrüň berdi. Batareýa ulalyp, ýüzügiň içki bölegini barmaga tarap gysdy. Korpusyň titandan ýasalandygy üçin metal daşyna çykman, ähli basyş içine – barmaga tarap gönükdirilipdir. Netijede, ýüzük barmagy berk gysan. Bu X sosial ulgamynda ýerleşdirilen suratda hem görünýär.
Denieliň aýtmagyna görä, waka uçuş üçin hasaba alyşdan öň bolup geçdi. Awiakompaniýanyň işgärleri oňa çişen litiý-ion batareýasy sebäpli borta münmäge rugsat bermedi. Ahyrynda ol hassahana ýüz tutup, ýüzügi aýyrtdy.
Bu Galaxy Ring-iň akkumulýatorynyň mälim bolan ikinji çişme ýagdaýydyr. Ozal täze diýen ýaly ýüzükde şuňa meňzeş meseläniň bolandygy habar berildi. Iki ýagdaýda-da datçigiň garşysyndaky ýüzügiň içki bölegi ulalyp, barmagy gysdy.
Şeýle meseleler Samsung üçin täzelik däl. 2016-njy ýylda Galaxy Note 7 smartfonlarynyň batareýasynyň ýanmagy we çişmegi sebäpli ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýa edarasy (FAA) olary uçuşlara almagy gadagan etdi – bu gadaganlyk häzirem hereket edýär.
Soňky waka barada Samsung entek resmi teswir bermedi, ýöne habar berlişi ýaly, kompaniýanyň wekilleri eýýäm sosial ulgam arkaly zyýan çeken bilen habarlaşypdyr. 


düýn 14:57
5.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....