Ankalaýew – Pereýra, Dwalişwili – Sendhagen: UFC 320-niň söweşleriniň sanawy

  • 24.09.2025 18:59
  • 14k+

2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Las-Wegasdaky T-Mobile Arena-da UFC 320 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy söweşlerinde tomaşaçylara ýarym agyr agramda russiýaly çempion Magomed Ankalaýew bilen braziliýaly Aleks Pereýranyň, şeýle-de has ýeňil agramda titulyň eýesi gruziýaly Merab Dwalişwili bilen amerikaly Kori Sendhageniň tutluşyklary garaşýar.

Ýaryşyň esasy sanawynda başga-da täsirli söweşler bar.

UFC 320. Esasy kard:

  • ·Magomed Ankalaýew – Aleks Pereýra
  • ·Merab Dwalişwili – Kori Sendhagen
  • ·Irži Prohazka – Halil Rauntri
  • ·Joş Emmett – Ýusef Zalal
  • ·Abus Magomedow – Jo Paýfer

Deslapky kard:

  • ·Ateba Gotýe – Ozzi Diaz
  • ·Edmen Şahbazýan – Andre Muniz
  • ·Kris Gutýerres – Farid Başarat
  • ·Daniel Santos – Ýu San Ýu
  • ·Meýsi Çiasson – Ýana Santos
  • ·Patçi Miks – Ýakob Wiklaž
  • ·Puna Soriano – Nikolaý Weretennikow
  • ·Ramiz Brahimaý – Ostin Wanderford
  • ·Weronika Hardi – Brogan Uolker

Ýatlap geçsek, Ankalaýew bilen Pereýra eýýäm 2025-nji ýylyň 9-njy martynda UFC 313-de duşuşypdy. Şol wagt söweş bäş raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karara gelmeginde Ankalaýewiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Bu üstünlik russiýaly söweşijä çempion titulyny getirdi, Pereýra üçin ýeňliş bolsa ýarym agyr agrama geçeni bäri ilkinji boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......