Türkmenabadyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, ýaş suratkeş Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen «Parahatçylygyň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly halkara döredijilik festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy. Çäre Bütindünýä jemgyýetçilik assambleýasynyň çäginde, Halkara söwda merkezinde geçirildi.
Azizanyň mugallymy Ýelena Aleksandrowna Işankuliýewa ýeňijiniň diplomy we minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekillerine sahnada ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Festiwal 2025-nji ýylyň mart–awgust aýlarynda geçirilip, dünýäniň 70 ýurdundan 5 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalary jemledi. Onuň guramaçylary «Açyk ýürekler» haýyr-sahawat gaznasy we «Atalaryň Bileleşigi» atly ählumumy jemgyýetçilik guramasy boldy. Ýörite eminler toparyna suratkeş-şahyr, meşhur suratkeş Mark Şagallyň agtyk doganynyň gyzy Irina Markowa-Şagal ýolbaşçylyk etdi.
Bäsleşige dürli žanrlar we usullar boýunça eserler kabul edildi: peýzažlar, taryhy sahnalar, tebigat we maşgalanyň ýaşaýyş-düzgünleri, portretler hem-de möhüm ýerleriň görnüşleri. Eserlere «Meniň dünýäm», «Aragatnaşygyň şatlygy», «Agzybir maşgala» we «Geljegiň arzuwlary» atly nominasiýalar boýunça baha berildi.
Guramaçylar bu festiwalyň çagalaryň dünýäni iň möhüm gymmatlyk hökmünde kabul etmegine, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy pugtalandyrmaga ýardam berendigini aýratyn nygtadylar.