Wiktor Dýokereş iň gowy bombardir bolup, Gerd Mýuller baýragyny aldy

  • 23.09.2025 11:03
  • 6.8k+

Tomusky transfer penjiresinde “Arsenalyň” oýunçysy bolan Wiktor Dýokereş France Football tarapyndan möwsümiň jemi boýunça iň gowy bombardir diýlip ykrar edildi. Ol Gerd Mýuller adyndaky baýraga mynasyp boldy.

Geçen möwsümde Dýokereş Lissabonyň “Sportinginde” oýnap, Portugaliýanyň çempionatyny we Kubogyny utdy. Ol klub möwsüminiň 52 oýnunda 54 gol geçirip, 13 assist etdi.
Zenanlaryň arasynda iň gowy bombardir hökmünde “Barselonadan” Ewa Paýor saýlandy. Geçen möwsümiň jemi boýunça Polşanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Mundan başga-da, katalon klubunyň düzüminde Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Paýor 62 oýunda 47 gol geçirip, 19 assist etdi.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......