Ýapon alymlary sygry zebranyň reňkine boýandygy üçin Şnobel baýragyny aldy

  • 21.09.2025 21:10
  • 13k+

Ýaponiýaly biologlar üýtgeşik tejribeleri üçin Şnobel baýragyna mynasyp boldy – olar sygry zebranyň reňkine boýady. Kyodo News-iň habar bermegine görä, sylaglama dabarasy 18-nji sentýabrda Bostonda geçirildi.

“Zebranyňky ýaly zolaklara boýalan sygyrlar gögeýinleriň hüjüminden gaçyp biler” atly ylmy gözleg 2019-njy ýylda neşir edildi. Oňa 11 alymdan ybarat topar gatnaşdy. Olaryň işi 2016-njy ýylda gögeýinleriň ýiti reňkli atlara seýrek gonýandygy baradaky netijeleri üçin Şnobel baýragyny alan Wengriýadan, Ispaniýadan, Şwesiýadan we Şweýsariýadan kärdeşleriniň ylmy gözlegleriniň dowamy boldy.


Tejribäniň dowamynda ýapon biologlary gara sygyrlara ak zolaklary çekip, olary suwda ereýän lak bilen örtdüler. Soňra haýwanlar öri meýdana iberildi. Şondan soň “zebra” sygyrlarda gan sorýan mör-möjekleriň çakmak ýagdaýy adaty sygyrlar bilen deňeşdirilende 50% diýen ýaly azaldy.
Işiň awtorlary bu usulyň iri şahly mallary siňeklerden goramak üçin ulanylýan pestisidleriň ornuny tutup biljekdigini belleýär. Bu diňe bir haýwanlar däl, eýsem adamlar we daşky gurşaw üçin hem peýdalydyr. Mundan başga-da, sygyrlardaky zolaklar ykdysady ýitgileri azaltmaga kömek edýär. Mör-möjekleriň çakmagy sebäpli haýwanlar az iýýär we dynç alýar, ýygy-ýygydan şikese sezewar bolýar. Hasaplamalara görä, ABŞ-da şeýle meseleler öndürijilere ýylda 2,2 mlrd dollara düşüp biler.
Şnobel baýragy Nobel baýragynyň degişme görnüşidir we “adamlary ilkibaşda güldürýän, soňra pikirlendirýän” açyşlar üçin berilýär. Şu ýyl laureatlaryň arasynda hažžyklaryň pizzany halaýandygyny öwrenenler we alkogolyň käwagt daşary ýurt dilinde gowy gürlemäge kömek edýändigini subut eden alymlar hem bar. 

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....