Škoda täze ýylpyldysyz kuzowly Elroq RS ulagyny hödürledi

  • 19.09.2025 01:05
  • 6.2k+

Škoda Auto kompaniýasy kuzowyň täze boýagy – “Matte Grey” ýylpyldysyz reňki bilen Elroq RS elektrik krossoweriniň hataryny giňeltdi. Bu ýylpyldamaýan boýag tehnologiýasynyň häzirki modelde ilkinji gezek ulanylmagy boldy. Ol üpjün edijiler we kompaniýanyň içerki bölümçeleri bilen bilelikde işlenip taýýarlandy.

Ýylpyldysyz effekt kremniý dioksidiniň nanobölejiklerini saklaýan dury üstki gatlagyň hasabyna gazanylýar. Bu bölejikler ýagtylygy dargadýar, şol sebäpli kuzowyň ýüzi ýylpyldysyz görünýär. Şol bir wagtyň özünde boýag mehaniki zeper ýetmelere ýokary derejede durnuklydyr.
Awtomobiller daşalanda kuzowy goramak üçin Škoda tutuş ulagy ýapyp, zeper ýetmek töwekgelçiligini azaldýan ýörite “daşlygy” ulanýar.
Elroq taslamasynyň ýolbaşçysy Weronika Straşkrabowanyň aýtmagyna görä, kompaniýa müşderiler tarapyndan islegiň ýokarydygyny göz öňünde tutup, ýylpyldysyz reňkleriň toplumyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Škoda Elroq RS hatarda iň ýokary wersiýadyr. Elektrokrossower umumy kuwwaty 340 at güýjüne barabar bolan iki hereketlendiriji bilen üpjün edildi, 100 km/sag çenli tizligini 5,4 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi 180 km/sag bilen çäklendirilýär. Bir zarýadda geçýän ýoly WLTP sikli boýunça 550 km ýetýär. 

düýn 23:24
773

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
525

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......