Jeep ulagyň ýolda birden öçüp galmak töwekgelçiligi sebäpli 92 müň Grand Cherokee-ni yzyna ýygnaýar

  • 11.09.2025 06:28
  • 5.8k+

Jeep kompaniýasy 91 787 sany Grand Cherokee kysymly awtoulaglaryň, şol sanda täzeleriniň hem yzyna çagyrylýandygyny yglan etdi. Bu modelleriň hereketlendirijisinde duýdansyz elektrik togy ýitip ýa-da öçüp galmak ähtimallygy ýüze çykaryldy.

Meseläniň gutarnykly çözgüdi entek yglan edilmedi, ýöne CarBuzz neşiriniň maglumatlaryna görä, ony dolandyryş programma üpjünçiligini täzeläp düzedip bolýar.
Näsazlyk diňe gibrid güýç gurluşly Grand Cherokee-de ýüze çykaryldy. Täzeden başlamagyna sebäp bolup bilýän Çekiş batareýasyna gözegçilik modulynyň prosessoryna agram düşmek ähtimallygy bar, bu bolsa onuň täzeden işläp başlamagyna getirip biler. Ähli güýç gurluşynyň dolandyryş bölümi şonda ýagdaýa nädogry baha berip we hereketlendirijileriň işleýşini çäklendirip biler. Ulag öçürilmezden öň hiç hili duýduryş signallary görünmeýär.
Yza çagyryş 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 2025-nji ýylyň 29-njy awgustyna çenli öndürilen ulaglara degişlidir. Kompaniýa ulag eýelerinden bu mesele bilen baglanyşykly bolup biljek birnäçe ýüzlerçe habar aldy, ýöne bu mesele sebäpli ýüze çykan heläkçiliker barada maglumat ýok.

düýn 21:15
1.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.1k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....