Täzelenen Cadillac CT4 sedanynyň bahasy 62 700 dollara çykdy

  • 11.09.2025 06:48
  • 5.4k+

Cadillac markasy ABŞ-da 2026-njy model ýylynyň CT4 sedanyny hödürledi. Model giňeldilen enjamlaşdyryşy aldy we wersiýasyna baglylykda 2705 dollara çenli gymmatlady.

Dizaýny we tehnikasy öňküligine galdy, täzelenmeler diňe boýag palitrasyna täsir etdi - iki sany täze Coastal Blue Metallic we  Vibrant White Tricoat reňk öwüşginleri goşuldy. Hödürlenýän bölek satuw bahasy indi 35 600 dollar, bu bolsa öňküsinden 605 dollar ýokarydyr. Luxury bezeginde ruly we öňdäki oturgyçlary gyzdyryjyly Cold Weather bukjasy standart boldy. Premium Luxury we Sport wersiýalaryna öň goşmaça tölege hödürlenýän Climate bukjasy (oturgyçlary gyzdyrylýan we şemalladylýan) goşuldy.
Hereketlendirijileriň hatary üýtgemedi. Esasy bolup 240 at güýji bolan 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi we 314 at güýji bolan 2,7 litrlik agregat galar. CT4-V wersiýasy hem şol 2,7 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy, 330 at güýjüne çenli ýokarlandy we indi bahasy 47 295 dollar däl-de, 50 000 dollar boldy.
479 at güýjüni öndürýän 3,6 litrlik V6 hereketlendirijili iň ýokary derejeli CT4-V Blackwing-iň bahasy 62 700 dollara çenli gymmatlady. Indi täze rul we adaptasiýa kruiz dolandyryşy we howpsuzlyk ulgamlary (10 tizlikli awtomat üçin) bolan Driver Assist bukjasy  peýda boldy.

düýn 21:15
1.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.1k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....