Unudylan gämileriň dünýäsi: blogerler taşlanan gämileriň we uçarlaryň reýtingini düzdi

  • 04.09.2025 12:44
  • 11k+

World Unearthed YouTube kanalynyň blogerleri birwagtlar işjeň ulanylyp, soňra dürli sebäplere görä taşlanan suw we howa gämileriniň ýa-da olaryň ýerleşýän ýerleriniň ilkinji onlugyny düzdi.

Gyzykly ýeri, bu sanawda suwa giden “Titanik” ýaly has belli, öňünden çaklap boljak gämiler ýok. Şonuň üçin, gämileriň we uçarlaryň köpüsiniň atlary tomaşaçylar üçin täze bolup biler.

10. Nikosiýanyň halkara howa menzili (Kipr) – 40 ýyl bäri taşlanan. Içinde häzirem uçarlar ýa-da olaryň bölekleri bar.

9. Dayspring balykçylyk gämisi (Şotlandiýa) – 2011-nji ýylyň dekabrynda tupana düşdi. Şondan bäri demirgazyk şäheriň kenarynda dur we fotosuratçylary, syýahatçylary hem-de ýerli ýaşaýjylary özüne çekýär.

8. Elinikon halkara howa menzili (Gresiýa) – 2001-nji ýyla çenli Afinanyň esasy howa menzili boldy. Häzirki wagtda ýapyk bolup, içinde Olympic Airways hökümet awiakompaniýasynyň birnäçe uçarlary bar.

7. Läheň awlaýan gämi Garðar BA 64 (Islandiýa) – 1981-nji ýylda ulanmak üçin howply diýlip hasaplandy. Ony peýdaly ulanmagyň deregine Skapadalur jülgesinde saýa oturtdylar we häzire çenli şol ýerde dur.

6. Mi-4 sowet dikuçary (Bolgariýa) – 1950-nji ýyllaryň köp maksatly transport-desant dikuçary. Suratda Bolgariýada taşlanan Mi-4 görkezilýär.

5. MV Panagiotis gämisi (Gresiýa) – 1983-nji ýylda çilim we çakyr gatnadýardy, ýöne tupana duşup, günorta adalaryň biriniň kenaryna zyňyldy.

4. Douglas C-47B harby-transport uçary – Pleşewisa dag sebitinde, Horwatiýa bilen Bosniýa we Gersegowinanyň serhetindäki “Želýawa” awiabazasynda taşlanan.

3. “Olimpiýa” söwda gämisi (Gresiýa) – 1980-nji ýylyň fewralynda tupan sebäpli Amorgos adasyndaky gaýalar bilen çaknyşyp, düýpli zeper aldy.

2. DC-3 amerikan uçary (Islandiýa) – 1973-nji ýylda güýçli doňakçylyk sebäpli günorta kenarda gonmaly boldy. Ekipaž diri galdy, ýöne fýuzelýaž şol ýerde galdyryldy.

1. Mediterranean Sky kruiz gämisi (Gresiýa) – 1952-nji ýylda Nýukaslyň gämi ussahanasynda gurlan. 1996-njy ýylda gäminiň degişli bolan kompaniýasy batdy we gämi tussag edildi. Gresiýanyň kenarlarynda onuň bir tarapy suwa batyp galdy. 


19.06.2026 19:36
5.7k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
5.9k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....