Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler.
Taslama Saud Arabystanyndaky iri gurluşyk taslamalaryna jogapkär NEOM territoriýany ösdüriş gullugy tarapyndan gözegçilik edilýär. Çeşmeleriň berýän habaryna görä, taslamany durmuşa geçirmegiň möhletleri howp astyndadyr. Esasy päsgelçilikleriň biri Akaba aýlagynyň kenaryndan takmynan 50 km uzaklykda, 1500-2,600 metr belentlikde ýerleşen daglarda emeli suw howdanynyň döredilmegi boldy. Onuň üstüni Oýunlar geçýän mahaly typylýan buz meýdançasyna öwürmek meýilleşdirildi.
Mundan başga-da, onuň ýanynda ýokary derejeli myhmanhana, ýaşaýyş mähelleleri, restoranlar, mejlisler zaly we beýleki desgalar peýda bolar, emma taslama daglyk ýerlere barmagyň kynçylyklary bilen çylşyrymlaşýar. Çeşmäniň bellemegine görä, häzirki wagtda ol ýere diňe bir ýol bilen baryp bolýar.