Bugatti we Jacob&Co ýüzlerçe göwher bilen Tourbillon giperkarynyň stilinde sagat döretdi

  • 25.08.2025 13:33
  • 9.1k+

Bugatti kompaniýasy we onuň şweýsariýaly hyzmatdaşy Jacob&Co sagat öýi täze Tourbillon Baguette sagadyny hödürledi. Bu Tourbillon giperkarynyň stilinde döredilen ikinji modeldir. Bu sagatdan bary-ýogy 18 nusga çykarylar, olaryň her biri ýüzlerçe göwher bilen bezeler.

Sagatlaryň korpusy awtomobiliň liniýalaryny gaýtalaýar, siferblat bolsa ulagyň enjam paneliniň stilinde ýerine ýetirildi. Merkezde titan porşen we 22,37 millimetr uzynlykdaky tirsekli wal bilen V16 hereketlendirijisiniň kiçijik nusgasy ýerleşdirildi.


Döredijiler korpusy 18 karat ak altyndan ýasap, ony 328 göwher bilen bezedi. Şeýle-de, bezegde awtomobiliň yzky çyralaryny ýada salýan zolak görnüşinde ýerleşdirilen 18 lagyl ulanyldy. Sagadyň adyndaky Baguette (baget) sözi daşlary taraşlamakda haýsy görnüşiň ulanylandygyny görkezýär.
Bezeg önüminiň bu wersiýasynyň bahasy resmi taýdan aýdylmaýar. Esasy Tourbillon sagatlarynyň bahasy 340 müň dollardan başlaýar, olar 150 nusga bilen çykarylar.

düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.7k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....