Jeep has uly we gymmat bolan altynjy nesil Cherokee krossowerini hödürledi

  • 25.08.2025 13:20
  • 4.7k+

Jeep kompaniýasy ABŞ-da birnäçe ýyl çykarylmadyk täze, altynjy nesil Cherokee krossowerini resmi taýdan hödürledi. Ulag has uly we giň boldy hem-de täze daşky keşbe, salona eýe boldy. Ilkibaşda model üç hereketlendirijili gibrid ulgam bilen elýeterli bolar, ýöne kompaniýa geljekde başga görnüşleri hem çykarmagy wada berýär.

Ulagyň göwrümi 2870 mm teker bazasynda 4778х2123х1715 mm barabar, bu bolsa öňki görkezijiden 150 mm uludyr. Bagaž ýeriniň göwrümi tas üçden bir esse ulaldy we indi 952 – 1934 l aralygynda üýtgeýär. Klirens 200 mm-den gowrak.
Güýç enjamy 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisini we iki elektrik hereketlendirijisini birleşdirýär, umumy kuwwat 213 at güýjüne we 312 Nm deň. Ulag 8,3 sekuntda tizligini 96 km/sag çenli artdyrýar. Ýol ätiýaçlygy 800 km-den geçýär, ýangyjyň ortaça sarp edilişi 100 km üçin 6,3 l barabar. Akkumulýator sygymy 1,08 kWt/sag bolup, daşarky çeşmelerden zarýad berip bolmaýar. Cherokee-niň ähli wersiýalary doly herekete getirijili bolar.

Krossower ýiti kuzowa we 20 dýuýma çenli tekerlere eýe boldy. Interýer Wagoneer S-iň stilinde ýerine ýetirildi: üýtgeşik rul, fiziki düwmeler az, 10,25 we 12,3 dýuým ekranlary bolan mediaulgam, gyzdyryjy we ýelejiretme funksiýaly oturgyç, Alpine akustikasy we sanly yzky görnüş aýnasy. Dizaýnda gaýtadan işlenen materiallar ulanylýar.
Satuw 2025-nji ýylyň ahyrynda gymmat wersiýalardan başlar. Has elýeterli görnüşler 2026-njy ýylyň başynda çykar.
Bahalar 38 990 – 47 990 dollar aralygynda bolup, bu Toyota RAV4, Kia Sportage we Hyundai Tucson ýaly kuwwatly bäsdeşlerden gymmatdyr.

şu gün 04:19
642

Mazda täze CX-5 modelini bäş sany gysga metražly film arkaly tanyşdyrdy

Mazda kompaniýasy Demirgazyk Amerikada geçirilen Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymy wagtynda täze CX-5 krossowerini kino treýleri görnüşinde tanyşdyrdy. Bu premýera «5 Sides of the All-New CX-5» («Täze CX-5-iň bäş tarapy») diýlip atlandyryldy...

düýn 15:16
1.5k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.6k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.6k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...