Hennessey sargyt boýunça 2031 at güýçli taryhynda iň güýçli Venom F5-i çykardy

  • 22.08.2025 07:54
  • 3.9k+

Hennessey amerikan kompaniýasy Montereý şäherindäki Awtoulag hepdeliginde taryhyndaky iň gymmat hem iň özboluşly awtoulagyny — Venom F5 Revolution LF giperkaryny tanyşdyrdy.

Bu ulag, aýratyn sargytlar boýunça işleýän Maverick bölüminiň ilkinji taslamasy boldy. Awtoulag müşderiniň hormatyna — telekeçi we kolleksioner Luis Floriýanyň ady bilen atlandyryldy.
Inženerler 6,6 litrlik, goşa turbokompressorly V8 hereketlendirijini täzeden işläp düzdüler. Onuň güýji 1817-den 2031 at güýjüne çenli ýokarlandyryldy. Tork güýji alty basgançakly mehaniki transmissiýa arkaly yzky tekerlere geçirilýär. Hennessey kompaniýasy bu wersiýadaky Venom F5-i dünýäde iň kuwwatly benzinde işleýän awtoulag hökmünde yglan etdi. Öň satylan 32 sany Venom F5-iň eýeleri hem öz ulaglaryny şu konfigurasiýa çenli täzeläp bilerler.
Giperkara täze aerodinamik beden kit, uly yzky ganat, täzelenen asma ulgamy we karbon monokok berildi. Salon doly üýtgedildi: alýumin H-şekilli geçiriş gurluşly merkezi konsol, lazer bilen nagyşlanan täze pedal toplumy, şeýle-de sagat dizaýnyndan ylham alan düwmeler we tumblerler ýerleşdirildi. Hatda sürüjiniň oturmagyny ýeňilleşdirmek üçin poluň gurluşy hem üýtgedildi.

düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.7k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....