Ronaldunyň kömegi bilen geçirilen gol “Al-Nasry” Saud Arabystanynyň Superkubogynyň finalyna çykardy

  • 20.08.2025 08:24
  • 13k+

“Al-Nasr” futbol boýunça Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda “Al-Ittihady” utdy. Oýun Gonkongda geçirilip, Kriştianu Ronaldunyň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy.

Oýunda hasaby 10-njy minutda “Al-Nasryň” hüjümçisi Sadio Mane açdy. 6 minutdan soň “Al-Ittihad” Stewen Bergweýniň goly bilen hasaby deňledi.
Er-Riýadyň klubunyň ýeňiş goluny 61-nji minutda Ronaldunyň topy bermeginde toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks geçirdi.
25-nji minutda “Al-Nasr” azlykda galdy: Mane garşydaşynyň derwezebanyna tarap gödek düzgün bozma üçin gyzyl duýduryş aldy.
Finalda Ronaldu we onuň ýoldaşlary “Al-Kadisiýa” – “Al-Ahli” duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.
Ozal Pro-liganyň häzirki çempiony “Al-Hilýal” Superkuboga gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Munuň sebäbi klubuň ABŞ-da geçirilen Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň futbolçylaryň doly dynç almagyny islemegi boldy. Bu ýaryşda klub dörtden bir finala çykypdy. Belläp geçsek, hut “Al-Hilýal” soňky iki Superkubok ýaryşynyň ýeňijisidir.


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......