GMA-nyň iň seýrek giperkarlarynyň hemmesi bir müşderi tarapyndan sekundyň içinde satyn alyndy

  • 19.08.2025 14:28
  • 5.8k+

Gordon Murray Automotive kompaniýasy 2025-nji ýylyň Montereý awtoulag hepdeliginde Special Vehicles bölümi tarapyndan döredilen täze GMA S1 LM giperkaryny hödürledi. Model T.50-ä esaslanýar we 1995-nji ýylda Le-Manda ýeňiji bolan McLaren F1 GTR-iň stilinde ýerine ýetirildi.

Kompaniýa ulagyň bary-ýogy bäş sanysyny öndürmek bilen çäklendi, bularyň hemmesini derrew bir müşderi satyn aldy.
GMA S1 LM üýtgedilen tebigy islegli 4,3 litrlik V12 Cosworth hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Kuwwaty 693 at güýjüne çenli ýokarlandy we iň ýokary aýlawy minutda 12 100-e ýetdi. Awtoulag 6 tizlikli el bilen geçiş we yzky tekerleri hereketlendirijini aldy. Şeýle hem, ýol podweskasy we kämilleşdirilen aerodinamika göz öňünde tutulan.
Daşky görnüşinde splitterler, goşa anti ganat, dört tegelek çyra we meşhur McLaren F1 GTR-ni ýada salýan sport bölekleri bar. Interýeri ýaryş stilinde bezelen - oturgyçlary ýeňilleşdirilen we dolandyryşy täzeçe düzülen.
GMA bu modeliň Gordon Mýurreýiň inženerçilik pelsepesini häzirki zaman çözgütleri bilen birleşdirýändigini, şu hem ony kolleksionerleriň gyzyklanýan obýektine öwürýändigini belleýär.

düýn 21:15
2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.5k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....