Garagisti britan kompaniýasy Bugatti-niň öňki dizaýneriniň GP1 superkaryny görkezdi. Bahasy 3,3 million dollar

  • 14.08.2025 16:44
  • 4.9k+

Britaniýanyň Garagisti kompaniýasy GP1 superkarynyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Bu model meşhur hünärmenleriň gatnaşmagynda döredildi: tebigy islegli 6,6 litrlik V12 Italtecnica-nyň inženerleri tarapyndan döredildi we monokok bolsa Formula 1-iň toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýän Dexet tarapyndan işlenip düzüldi. Dizaýn Bugatti-Rimac-yň öňki dizaýneri Anhel Guerra tarapyndan işlenip düzüldi.

Şeýle ulaglaryň diňe 25-sini öndürmek meýilleşdirilýär, olaryň hersiniň bahasy 2,45 million funt sterlingden (takmynan 3,3 million dollar) bolar.
Täze modeliň daş görnüşi Lancia Stratos Zero ýaly meşhur “süýnmek” superkarlaryň ewolýusiýasydyr. Şol bir wagtyň özünde daşky görnüşinde häzirki zaman Ferrari-niň we Lamborghini-niň häsiýetli aýratynlyklaryny görmek bolýar.
Interýeri minimalizm stilinde ýerine ýetirilen: displeýler ýok we Porsche Carrera GT-ni ýada salýan inçe merkezi konsoly fiziki düwmeler bilen enjamlaşdyrylandyr.
V12 hereketlendirijisi 800 at güýjüni we 700 Nm torky öndürýär, minutda 9000 aýlaw edýär we alty tizlikli Xtrac dişli gutusy bilen utgaşýar. Ulagyň arassa agramy takmynan bir tonna. Dinamiki häsiýetnamasy entek açylmady.
Sargytlar eýýäm açyldy. Ilkinji 12 alyjy GP1-niň işlenip taýýarlanylyşynyň soňky tapgyrlaryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

düýn 21:15
2.3k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
2.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
4.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....