Jeep, Peugeot we Chrysler ulaglarynyň öndürijisi birinji ýarym ýylda 2,3 milliard ýewro ýitgi barada habar berdi

  • 24.07.2025 17:56
  • 12k+

Stellantis 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 2,3 milliard ýewro arassa ýitgi çekdi. Bu barada awtoulag öndürijisiniň deslapky ýarym ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Çap edilen maglumatlara görä, hasabat döwrüniň arassa girdejisi, bir ýyl ozalky 85 milliard ýewro bilen deňeşdirilende, 74,3 milliard ýewro boldy. Görkezijileriň peselmegi önümçilik çykdajylarynyň ýokarlanmagy, walýutanyň üýtgemegi we ABŞ-da import nyrhlarynyň täsiri bilen düşündirilýär. Ikinji çärýekde ibermeler 6% azaldy we 1,4 million awtoulag boldy.
Stellantis-iň Jeep, Peugeot, Fiat, Citroen, Chrysler ýaly we beýleki meşhur brendleri bar.
Hasabat kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň üýtgemeginiň çäginde çap edildi. Maý aýynda Antonio Filoza baş direktoryň wezipesine bellendi. Ondan öňki Karlos Tawares ABŞ-nyň bazaryndaky girdejileriniň azalmagy we kynçylyklar sebäpli işinden aýryldy.
Stellantis ýylyň birinji ýarymy üçin soňky maliýe netijelerini şu aýyň ahyryna çenli çykarar.

düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....