Dünýäde täze ulaglara bolan isleg artýar. Ýarym ýylda 44 milliondan gowrak ulag satyldy

  • 24.07.2025 17:42
  • 7k+

2025-nji ýylyň iýun aýynda dünýäde 7 731 358 sany täze ýeňil ulag we ýeňil söwda ulaglary satyldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 2,1 göterim köpdür diýip, GlobalData konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanýan Just Auto habar berýär.

Hytaý iýun aýynda iň uly awtoulag bazary derejesini saklady: ýurtda 2 311 310 awtoulag satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalkysyndan 12,6% köpdür. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-da satuwlar 4,3% azalyp, 1 264 024 awtoulag boldy. Günbatar Ýewropada 1 260 867 awtoulag satyldy (minus 6,8%), Gündogar Ýewropada – 384 590 (minus 9,9%).
Günorta Amerikada 251 741 awtoulaga çenli - 8,6 göterim ýokarlandy. Ýaponiýada satuw 5,8% artyp, 391 668 awtoulag boldy. Kanada 174 357 awtoulag satdy (3,6% ýokarlandy), Günorta Koreýa 143 507 (6,1% ýokarlandy) satdy.
Umuman alanyňda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde satylan ulaglaryň sany 44 473 945-e ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,9 göterim ýokarlanandygyny aňladýar.

düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....