ABŞ ÝUNESKO-dan çykýar. Nobatdaky gezek.

  • 23.07.2025 15:18
  • 9.5k+

Donald Tramp ABŞ-nyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO-dan çykmagy barada çözgüt kabul etdi. Bu barada 22-nji iýulda ABŞ-nyň Döwlet departamenti habar berdi.

Häkimiýetler öz çözgüdi barada guramanyň baş direktory Odre Azuleni habardar etdi, ýurt 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan onuň doly hukukly agzasy bolmagyny bes eder.
New York Post-yň Ak tamyň metbugat sekretarynyň orunbasary Anna Kellä salgylanyp habar berşi ýaly, bu çözgüt Ak tamyň ýolbaşçysynyň pikiriçe, ÝUNESKO-nyň “sagdyn pikire we amerikalylaryň noýabrda ses beren syýasatyna doly ters gelýän gapma-garşy, agzalalyk dörediji medeni we sosial taslamalary” goldaýandygy sebäpli Prezident tarapyndan kabul edildi.
Azule ABŞ-nyň guramadan çykmagyna gynanç bildirdi, ýöne munuň garaşylan çözgütdigini belledi.

“Bu çözgüt köptaraplaýynlygyň esasy ýörelgelerine ters gelýär we ilkinji nobatda, biziň ABŞ-daky köp hyzmatdaşlarymyza täsir edip biler” – diýip, guramanyň metbugat gullugy belledi.

ABŞ eýýäm iki gezek ÝUNESKO-dan çykdy. 1984-nji ýylda Ronald Reýganyň administrasiýasy “aşa syýasylaşdyrma” we býujetiň “oýlanyşyksyz” harçlanmagy sebäpli çykmak barada çözgüt kabul etdi. Ikinji gezek ABŞ Trampyň birinji prezidentlik möhletinde 2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Ysraýyl bilen bilelikde ÝUNESKO-dan çykdy. Jo Baýden 2021-nji ýylda Prezident wezipesine girişenden soň Trampyň çözgüdini ýatyrdy.
Birleşen ştatlaryň çäginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň 26 obýekti ýerleşýär. Olaryň arasynda Nýu-Ýorkdaky Azatlyk heýkeli, Uly kanýon, Ýellouston we Ýosemit milli seýilgähleri bar. Ýurduň guramadan çykmagy olaryň statusyna täsir etmez. 1972-nji ýylyň konwensiýasyna laýyklykda, şeýle desgalary gorap saklamak we maliýeleşdirmek jogapkärçiligi olaryň ýerleşýän döwletlerine degişlidir.


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......