Kamerunly Braýan Mbemo “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy

  • 23.07.2025 15:15
  • 7.9k+

Hüjümçi Braýan Mbemo “Brentforddan” “Mançester Ýunaýtede” geçdi. Transfer barada iňlis klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.

Kamerunly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2030-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Ol täze klubda 19-njy belgide oýnar.
Žurnalist Kris Uilleriň maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 65 mln funt sterling boldy we bonus görnüşinde ýene 6 mln funt sterling göz öňünde tutuldy. “Brentfordyň” resmi saýtynda bellenilişi ýaly, şertnama klubuň taryhynda rekord satuw boldy.
Oýunçynyň özi “MÝ-ni” “arzuwyndaky klub” diýip atlandyrdy.

“Men bu toparyň eşiginde ulaldym. Meniň filosofiýam düýnküden has gowy bolmakda jemleýär. Men täze derejä çykmak, Ruben Amorimden öwrenmek we dünýä derejesindäki beýleki futbolçylar bilen oýnamak üçin güýçli ruhumyň we häsiýetimiň bardygyny bilýärin. Köpler maňa bu ýerdäki atmosfera hem-de hyýallaryňy haýran galdyrýan meýilnamalar barada gürrüň berdi. Bu üýtgeşik stadiony we ajaýyp janköýerleri bolan klub, biz möhüm kuboklar ugrunda göreşmäge ünsi jemleýäris” – diýip, “Mançester Ýunaýtediň” saýty Mbemonyň sözlerini getirýär.

Geçen möwsümde Mbemo ähli ýaryşlarda 42 oýna gatnaşyp, 20 gol geçirdi we dokuz assist etdi. Ol Kamerunyň milli ýygyndysyna wekilçilik edýär, ýöne ozal Fransiýanyň ýetginjekler we ýaşlar toparlarynda oýnapdy.
Geçen möwsümiň jemi boýunça “MÝ” Angliýanyň premýer-ligasynda 42 utuk bilen 15-nji orny eýeledi. Topar Ýewropa ligasynyň finalyna çykyp, “Tottenhemden” 0:1 hasabynda utuldy.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....