Pirelli täze tekerleriniň çykmagy mynasybetli Gudwudda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi

  • 21.07.2025 13:54
  • 4.8k+

Pirelli kompaniýasy P Zero şinalarynyň bäşinji nesliniň ilkinji çykyşynyň we asyl modeliniň 40 ýyllygyny mynasybetli Gudwudda geçen Tizlik festiwalynda superkarlaryň dabaraly ýörişini geçirdi. Ýörişden geçen awtoulaglaryň umumy kuwwatynyň 10 000 at güýjünden ybarat bolandygy habar berildi.

Ulaglaryň hatary meşhur Goodwood Hillclimb-ä çykdy. Kerweniň başyny ilkinji gezek 1987-nji ýylda hödürlenen P Zero şinalarynyň ilkinji neslini dakan Ferrari F40 çekdi. Onuň yzyndan 1985-nji ýylda model bilen bilelikde ilkinji gezek çykan şinalaryň täzelenen görnüşini dakan Lancia Delta S4 Stradale ýöredi. Bu şinalar slikleriň, aralyk we ýagyş şinalarynyň häsiýetlerini özünde utgaşdyrýan assimetrik protektorlary bilen tapawutlanýar.
Şeýle hem tomaşaçylar P Zero-yň bäşinji nesliniň omologirlenen şinalary dakylan ilkinji model bolan Lamborghini Urus SE-i we Elect belgili P Zero Trofeo R tekerleri bilen enjamlaşdyrylan Lotus Evija elektrik awtoulagyny gördüler.
Beýleki gatnaşyjylaryň arasynda Porsche 911 Carrera 4 GTS, Aston Martin Vanquish Volante, BMW Vision Driving Experience düşünjesi we Formula 1-iň bolidi bar.
Şol festiwalda Pirelli we Jaguar Land Rover Range Rover üçin niýetlenen 22 dýuým ululykda gaýtadan işlenen böleklerden (70%) ýasalan dünýäde ilkinji önümçilik tekerini hödürledi.
Mundan başga-da, P Zero-nyň 40 ýyllygy mynasybetli 40 komplektden ybarat çäkli seriýa bolan, 1985-nji ýylyň nusgasyndaky asyl  P Zero şinalary dikeldilip, Pirelli Collezione toplumynyň üstüni ýetirdi.

düýn 21:15
3.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.6k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....