Dünýäniň iň garry döwlet Baştutany täze möhlete prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi

  • 15.07.2025 12:15
  • 9.7k+

Kamerunyň 92 ýaşly Prezidenti Pol Biýýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda geçiriljek saýlawlar üçin öz dalaşgärligini hödürleýändigini yglan etdi.

“Meniň size hyzmat etmek hyjuwymyň öňümizde duran kynçylyklara laýyk gelýändigine doly ynanyp bilersiňiz. Bilelikde biz islendik päsgelçilikleri ýeňip geçeris” – diýip, ol sosial ulgamlarda ýazdy.

Biýýa Prezident wezipesini 1982-nji ýyldan bäri eýeleýär we dünýäde iň garry döwlet Baştutany hasaplanýar. Onuň gaýtadan saýlanyp bilmegi tas 100 ýaşyna çenli häkimiýet başynda galmaga mümkinçilik berer diýip, Reuters belleýär. 2008-nji ýylda ol prezidentlik möhletiniň sanyna degişli çäklendirmeleri ýatyrdy, bu hem oňa birnäçe gezek dalaşgär bolmaga mümkinçilik berdi. 2018-nji ýyldaky saýlawlarda onuň 71,28% ses alandygy yglan edildi.
CPDM dolandyryjy partiýasynyň agzalary 2024-nji ýyldan bäri Biýýany saýlawlara ýene gatnaşmaga çagyrdy. Ýöne onuň öňki iki ýarany dolandyryjy koalisiýany terk etdi we garaşsyz dalaşgär hökmünde öz kandidaturalaryny hödürlemek isleýär.
Pol Biýýa köpçüligiň öňünde seýrek peýda bolýar we öz wezipe borçlaryny, köplenç, Prezidentiň administrasiýasynyň başlygyna ynanýar.
Biýýadan öňki, Kamerunyň ilkinji Prezidenti Ahmadu Babatura Ahijo bu wezipäni 1960-njy ýyldan 1982-nji ýyl aralygynda eýeledi we saglyk ýagdaýy sebäpli wezipeden çekildi.

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......