Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi

  • 08.07.2025 12:51
  • 5.3k+

Magnus Karlsen yzygider ikinji gezek häzirki dünýä çempiony Gukeş Dommarajudan öňe geçdi – bu Gran Chess Tour seriýasyna girýän Zagrebde (Horwatiýa) geçirilen SuperUnited Rapid & Blitz tapgyrynda boldy. Norwegiýaly blitzde ajaýyp oýun görkezip, ýaryşyň jemi boýunça birinji orny eýeledi. Dommaraju amerikaly Uesli Sodan hem yza galyp, üçünji boldy.

Bir ýarym aý mundan ozalky şahsy duşuşykda bolşy ýaly, Karlsen bilen Gukeşiň arasyndaky döwler utuklaryň deňligi bilen tamamlandy: hersi bir ýeňiş gazandy, bir döw deňme-deň tamamlandy.

Karlsen wild card boýunça ýaryşa gatnaşyp, seriýanyň ilkinji iki tapgyryny sypdyrdy. 2022-nji ýylda dünýä çempiony titulyndan meýletin ýüz öwrendigine garamazdan, ol dünýä reýtinginde öňdebaryjylygyny saklaýar we häzirem köpler tarapyndan dünýäniň iň güýçli küştçüsi hasaplanýar.

19 ýaşly hindistanly Gukeş Dommaraju 2024-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Ol titul üçin oýunda hytaýly Din Liženi utdy.

Ýatlap geçsek, iýun aýynyň başynda Karlsen we Gukeş ilkinji gezek Norway Chess super ýaryşynda duşuşdy. Şol wagt her biri bir döw utdy, ýöne ahyrky tablisada Karlsen ýokarda boldy. Olaryň arasyndaky ikinji duşuşyk Karlseniň ýeňlişden soň gaharly stola urandygyny görkezýän wideo sebäpli ýatda galyjy boldy.

şu gün 15:58
543

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
858

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
1.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....