Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular

  • 04.07.2025 11:56
  • 6k+

Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Ulag ilkinji gezek iki ýyl mundan ozal Gudwuddaky Tizlik festiwalynda çykyş edipdi. Müşderilere eltip bermeklik ýaňy başlandy, indi bolsa hiç hili sürülmedik birinji nusga eýesine garaşýar. Başlangyç bahasy 4 million ýewro bolsa-da, auksion bahasy ep-esli ýokary bolup biler. Bary-ýogy 40 nusga çykarylar we olar hem eýýäm satyldy.
Bugatti Bolide ulagy Chiron-nyň binýadynda döredildi, ýöne ýaryşlar üçin uýgunlaşdyryldy. Onda karbon monokoky, aňrybaş basyp sürmek üçin aerodinamiki korpus, şeýle hem üýtgedilen podweska, hereketlendiriji, geçiriş gutusy we ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyryldy. Howpsuzlygy FIA-nyň ülňülerine laýyk gelýär.
Dört turbo güýçlendirijili 8 litrlik W16 hereketlendirijisi 7050 aýlawda 1600 at güýjüni öndürýär. Ol 2,2 sekuntda 100 km / sag tizlige çykýar we aňrybaş tizligi sagatda 380 km-e ýetýär. Iň ýokary tizlikde korpus toplumy awtoulagyň öz agramyndanam iki esse artyk basyş güýjüni döredýär.

şu gün 14:34
808

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
3.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....